Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Tailandyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykdaky başlangyç düzümi belli boldy

15:3027.05.2022
0
4296
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Tailandyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykdaky başlangyç düzümi belli boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň şu gün Tailandyň Sisaket prowinsiýasynyň «Şri Nakhon Lamduan» stadionynda ýerli ýygyndy bilen geçirjek ýoldaşlyk duşuşygyndaky başlangyç düzümi belli boldy.

Başlangyç düzümde meýdana çykjak futbolçylar: Batyr Babaýew (derwezeçi), Arslanmyrat Amanow, Myrat Annaýew, Ahmet Ataýew, Abdy Bäşimow, Begmyrat Baýow, Güýçmyrat Annagulyýew, Resul Hojaýew, Hoşgeldi Hojowow, Röwşengeldi Halmämmedow, Mihail Titow.

Ätiýaçdakylar: Altymyrat Annadurdyýew, Zafar Babajanow, Begenç Akmämmedow, Rahat Japarow, Möwlamberdi Goşşanow, Selim Nurmyradow, Mämmet Orazmuhammedow, Berdimyrat Rejebow, Mekan Saparow, Elman Tagaýew, Wezirgeldi Ylýasow.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 15:30-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň