Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 3-nji iýunda galla oragy başlanar

22:5426.05.2022
0
4274

Şu gün Daşoguz welaýatyna sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Daşoguz welaýatynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle hem ýurduň sebitlerinde galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer döwlet Baştutanyna galla oragyna başlamagyň senesini belläp bermek hem-de bu möwsüme ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, şu ýyl ýurduň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň ýurtda azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň kepili bolup durýandygy barada belledi.

Şoňa görä-de, ýurduň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 3-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berip, hormatly Prezident ýaşululara ýüzlenip, galla oragyna «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutany “Çäjiňize bereket, edermen gallaçy babadaýhanlar” diýip, ýurduň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň