Soňky habarlar

Arhiw

Otuz dokuz sagat rep okap Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

16:4626.05.2022
0
904
Otuz dokuz sagat rep okap Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Surat: kaspiy.az

Ispaniýada mekdep mugallymy bolup işleýän 35 ýaşly Daniel Alkon 39 sagat 37 minut we 54 sekunt yzyny kesmän rep okap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada “Interfax.ru” ýazýar.

Sahna lakamy Dalcon bolan höwesjeň ýerine ýetiriji Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçen rep ýaryşynda ýeňiji diýlip yglan edildi.

Mundan öň bu aýdym aýtmak görnüşindäki rekord 2020-nji ýylda 33 sagat 33 minit we 16 sekunt netije görkezen amerikaly repçi Watskä degişlidir.

Alkon öz çykyşyny YouTubede göni ýaýlymda görkezdi. Häzir onuň bu ýaýlymda çykyşynyň 11 sagadyna tomaşa edip bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň