Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

10:1826.05.2022
0
2142

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä we ýurduň ähli halkyna Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Salome Zurabişwilä berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gruziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň