Şwarsenegger aňtawçylar baradaky serialda surata düşer

13:2725.05.2022
0
3929
Şwarsenegger aňtawçylar baradaky serialda surata düşer
Surat: belta.by

“Netflix” striming gullugy aňtawçylar barada serialy surata düşürmekçi, onda baş keşbi amerikan aktýory Arnold Şwarsenegger janlandyrar diýip, Deadline neşiri habar berdi.

Goja aktýor şeýle hem seriala prodýuserlik eder, režissýoryň kürsüsini Fil Abraham eýelär, ssenarini Nik Santora ýazar.

Serialyň baş gahrymanlary ataly-gyz bolar, olar bir-birinden ýaşyrynlykda gizlin gulluklarda işleýärler. Olar maşgaladaky oňşuksyzlyklary çözmek isleýärler we şol bir wagtda öz gulluk işlerini alyp barýarlar.

Öň ady tutulan neşir aktýor Uill Smitiň “Men-rowaýat” atly meşhur filminiň dowamyny surata düşürmekçidigini habar berdi. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň