Futbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy -2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

15:0224.05.2022
0
4947

Şu gün, 24-nji maýda onlaýn görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ýetginjekler (U17) ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi.

TFF-niň habar berşi ýaly, onuň netijesinde ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysy “A” toparçada Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Siriýanyň hem-de Filippinleriň ýygyndy toparlary bilen bäsleşer.

Saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň şu ýylyň dowamynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Merkezleşdirilen görnüşinde geçiriljek saýlama tapgyryny Iordaniýa döwleti kabul eder.

Ýeri gelende bellesek, Aziýanyň kubogynyň final tapgyryny 2023-nji ýylda Bahreýn döwleti kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň