Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň doglan gününiň 110 ýyllygy bellenildi

11:4324.05.2022
0
4817

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Aman Kekilowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli “Söz sungatynyň ussady” ady bilen ýatlama agşamy geçirildi. Welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan çärede şahyryň ömri-döredijiligi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Bu barada «Ahal durmuşy» gazeti ýazýar.

Ýatlama agşamynda şahyr Aman Kekilowyň ýiti zehini, irginsiz zähmeti, döredijilik gözlegleri netijesinde dünýä inen eserleriniň üstünde aýratyn durlup geçildi. Şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryndan watanperwerlige, adamkärçilige ýugrulan, il-ýurt, Watan, tebigat, söýgi, söz sungaty barada ýazan goşgularyndan, şeýle-de “Söýgi” romanyndan parçalaryň okalmagy uly täsirleri döretdi.

Welaýat, etrap merkezi kitaphanalarynyň hünärmenleriniň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýatlama agşamynyň çäginde kitap sergisi hem guraldy. Kitap sergisinde şahyr Aman Kekilowyň dürli ýyllarda çap edilen eserlerine, ol hakda ýazylan neşirlere uly orun berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň