Türkmenistanyň Aktau şäherindäki konsullygy halkara pasportlarynyň möhletini uzaltmaga girişdi

23:0723.05.2022
0
12577

Türkmenistanyň Aktau şäherindäki konsullygy türkmenistanly raýatlaryň halkara pasportlarynyň möhletini 2024-nji ýylyň dekabrynyň aýagyna çenli uzaltmaga girişdi. Degişli bildiriş konsullygyň resmi sosial sahypalarynyň birinde ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky 2300 belgili we 2022-nji ýylyň 28-nji aprelindäki 77 belgili kararlaryna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygyndaky döwür üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmegi we Türkmenistana girmegi üçin hereket ediş pasportlarynyň möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsullygy ( Aktau şäheri) Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüz tutmalary esasynda halkara pasportlarynda möhletiniň uzaldylandygy barada bellik edýär.

Munuň üçin Türkmenistanyň raýatlaryna konsullyga şahsy ýüz tutmalary zerur. Konsullyga barylanda, raýatlar ýany bilen halkara pasportyny, nusgasyny, 3x4 ölçegli suratyny alyp barmaly.

Resminalaryň asyl nusgasy Türkmenistanyň konsullygynda iş günleri sagat 9:00-dan 17:00-a çenli aralykda kabul edilýär. Pasporta bellik etmek işi ýüz tutulan güni amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Aktau şäherindäki konsullygy Şygys-1 kiçi etrapçasynyň 285-nji jaýynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň