Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary gender deňligini ilerletmek boýunça bilelikdäki meýilnamany maslahatlaşdylar

14:5023.05.2022
0
8081

Gender deňligini ilerletmek we zenanlara garşy kemsidilmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny döretmeklige bagyşlanan tegelek stola Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalaryndan 30-a golaý wekil gatnaşdy.

Ashgabat.in neşiriniň bellemegine görä, bu çäre ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugynyň (Governance Support Program, GSP) Türkmenistanda Dolandyryş Goldaw Maksatnamasynyň (USAID) ýardam bermeginde “Keyik Okara” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan gibrid görnüşinde geçirildi.

Duşuşykda “Keýik Okara”, “Agama” , Ýeňme, “Türkmenistanyň ykdysadçylar birleşmesi”, ”Ýaşyl şöhle”, “Professional hasapçy” ýaly jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda her gurama gender deňligini ilerletmek boýunça goşýan şahsy goşantlary hakynda gürrüň berdiler.

Soňra gatnaşyjylar "Gender deňsizligi" atly interaktiw oýna gatnaşdylar, onuň esasy maksady belli bir anyk ýagdaýyň üsti bilen aýal maşgalanyň zorlugyň pidasy bolan wagtynda başdan geçirýän duýgularyny we pikirlerini açyp görkezmek boldy.

Mundan soňra çärä gatnaşyjylar gender deňligini ilerletmek boýunça jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki çäreleriniň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de şu ýylky işlerini goşmak arkaly bilelikdäki meýilnamany durmuşa geçirmek barada biragyzdan karar kabul etdiler. Gatnaşyjylar bilelikdäki kararlary kabul etmek bilen gender deňligini ilerletmekde birleşmek barada ylalaşdylar.

Bellenilişine görä, bu tegelek stol mart aýynda “Jemgyýetçilik guramalarynyň gender deňligini ilerletmekde tutýan orny” atly maslahatyň netijesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň