Soňky habarlar

Arhiw

25-26-njy maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara köpugurly sergi geçiriler

07:0723.05.2022
1
6968
25-26-njy maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara köpugurly sergi geçiriler

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI halkara köpugurly sergi geçiriler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Halkara sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.

Şu ýyl sergä 80-den gowrak türkmen we daşary ýurt kompaniýalary, döwlet edaralarynyň wekilleri we ýurduň işewürlik pudagy gatnaşar. Sergi halk hojalygynyň dürli ugurlarynda we gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, şeýle hem türkmen paýtagtynyň senagat, medeni we dürli ugurlardaky mümkinçiliklerini, şeýle hem möhüm durmuş-ykdysady ätiýaçlyklaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň