Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow medeniýet we sungat işgärlerini «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalynyň açylmagy bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berilýär.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda: « Ajaýyp bahar paslynda geçirilýän bu sungat baýramynyň milli teatr sungatymyzyň, köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goldaw boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, belläp geçýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Aşgabat şäherinde teatrlaryň altysy, şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat teatrlary hereket edýändigini, şeýle-de Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde drama teatrynyň gurluşygy alnyp barylýandygyny, teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda karar kabul edilendigini, bu işleriň ählisiniň teatr artistlerini, medeniýet we sungat ussatlaryny zähmet üstünliklerine, il-ýurt bähbitli beýik işlere, täze eserleri döretmäge ruhlandyrýandygyny belleýär.
«Türkmen teatr sungatynyň görnükli wekilleri bolan Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Alty Garlyýew, Muhammet Çerkezow, Sabyr Ataýewa, Sona we Suraý Myradowalar, Artyk Jallyýew, Ata Döwletow, Hommat Müllük ýaly zehinli teatr artistleriniň at-abraýy bütin dünýäde bellidir. Olar uçursyz tebigy zehini we zähmetsöýerligi bilen teatr sungatynda öçmejek yz galdyrdylar hem-de ussatlarça janlandyran keşpleri bilen döredijilik dünýäsinde meşhurlyk gazandylar. Biziň wezipämiz sahna ussatlarynyň ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.