Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük işgärleri özara söwda harytlarynyň hereketi barada pikir alyşdylar

11:4821.05.2022
0
13544
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük işgärleri özara söwda harytlarynyň hereketi barada pikir alyşdylar
Surat: customs.gov.tm

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň hünärmenleriniň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, hünärmenler Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşdylar.

Taraplar, Taslama boýunça öz teklip we bellikleri bilen alyşyp, resminamany ylalaşmak babatda iki tarapyň ýerine ýetirmeli wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda, oňa gatnaşan hünärmenler gümrük işi babatda türkmen-özbek gatnaşyklaryň soňky döwürde giňeýändigini kanagatlanma bilen belläp, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem tagallalary etjekdikleri barada ynam bildirdiler we birek-birege uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň