Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy

21:5318.05.2022
0
11509

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp, ol ýerde bejergi alýan çagalaryň saglygy bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow merkeziň bölümlerinde bejergi alýan çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň berilişi, aýratyn-da, dogabitdi ýürek kemislikleri bolan hassa çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde geçirilýän dikeldiş çäreleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de merkeziň mümkinçilikleri barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ýürek operasiýasyna mätäç çagalaryň 220-si bar. Bu çagalary bejermek üçin iň täze we netijeli AORTIС serişdeleri ulanylýar. Şeýle hem ministr bejergi alýan çagalar üçin zerur bolan serişdeleriň ýeterlikdigini, operasiýa geçirilýän enjamlaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlarydygyny we olarda çylşyrymly bejergi işlerini amala aşyrmak üçin ýokary derejeli dünýä ülňülerine laýyk gelýän mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Bu enjamlaryň kömegi bilen ýüregi açmazdan az şikesli endowaskulýar operasiýalaryny geçirmek mümkinçiliginiň bardygyny, operasiýadan soňky döwürde çaganyň saglygy dikelip, gysga wagtyň içinde adaty durmuşa gaýdyp gelýändigini aýratyn bellemeli.

Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çagalaryň ýürek kesellerini bejeriş bölüminde döredilen şertler bilen tanyşdy. Soňra merkeziň daýanç-hereket ediş kesellerini bejeriş bölümine bardy. Häzirki döwürde Türkmenistanda 100 çaga daýanç-hereket ediş keseli zerarly degişli lukmançylyk kömegine mätäç. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini aýdyp, ýurtda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üçin zerur bolan serişdeleriň gönükdirilýändigini belledi.

Soňra häzirki döwürde operasiýa edilmegine taýýarlyk boýunça lukmançylyk hyzmatlaryny alýan çagalar we olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak boýunça bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň