Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen maslahat geçirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy diýlip kesgitlenilen adamyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky ählitaraplaýyn aladanyň aýdyň netijesidigini belledi. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan merkezde bejergi alýan çagalar üçin ABŞ-nyň 400 müň dollary möçberdäki pul serişdesiniň goýberiljekdigini aýtdy.
Şeýle-de, okaň!