Arhiw

Aşgabatda «Binýat» kinofilminiň deslapky tanyşdyryş görkezilişi bolar

21:3517.05.2022
0
8857
Aşgabatda «Binýat» kinofilminiň deslapky tanyşdyryş görkezilişi bolar

21-nji maýda sagat 19:00-da «Aşgabat» kinokonsert merkezinde «Binýat» atly täze kinofilmiň deslapky tanyşdyryş görkezilişi bolar. Filmiň görkezilişine diňe çakylyk esasynda girmek bolýar.

Ýaş türkmen režissýory Annadurdy Täşliýewiň taýýarlan bu ilkinji gezek görkezilýän doly metražly filminde ýaş binagär talyplaryň durmuşy we döredijiligi dogrusynda gürrüň berilýär. Okuwlaryny tamamlanlaryndan soň, ýaş binagärler daşary ýurtlara gidýärler.

Filmiň sýužetine laýyklykda, täze bir giň göwrümli taslamany amala aşyrmak üçin ykbal olary ýene-de öz bilim ojaklarynda — ýokary okuw mekdebinde jemleýär. Ýeke-täk we umumy maksada ýetmegiň ýolunda olara ozalky öýke-kineleri unutmak başardarmyka? Bu meselede söýgi nähili orna eýe bolup durýar? Muny bolsa tomaşaçylar «Aşgabat» kinokonsert merkezinde görüp bilerler.

Filmiň görkezilişinden öň, tomaşaçylar onuň esasyny düzüjiler we filmiň baş gahrymanlary bilen tanşarlar.

Film 23-nji maýda köpçülikleýin görkezilip başlar. Oňa sagat 17:00-da hem-de 19:00-da «Aşgabat» kinokonsert merkezinde tomaşa edip boljakdygyny ýatladýarys. Filmi görmek isleýänler filmiň peteklerini kinokonsert merkeziniň kassalaryndan alyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň