Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

21:3316.05.2022
0
7404
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
surat: president.uz

Şu gün — 16-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhüm meselelerine garadylar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirzoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentarileriniň hem-de zenanlarynyň forumlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mundan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar halkara gün tertibinde, sebitara ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we köptaraplaýyn guramalaryň çäginde öndürijilikli hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda parahatçylygy, şeýle-de Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi meselesinde pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň