Türkmen metbugatynda «Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çap edildi.
Täze kanunçylyk namasynda 252-nji maddadan soň 2521-nji madda goşuldy. Ol «Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag etmegiň, ýüzleşdirmegiň, tanamak üçin görkezmegiň aýratynlyklary» diýlip atlandyrylýar.
Şeýle hem 393-nji maddadan soň şu mazmunly madda goşuldy: «3931-nji madda. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly şaýady sorag etmegiň aýratynlyklary».
Kanundaky beýleki üýtgetmeleri şu salgydan dolulygyna okap bilersiňiz.
Kanun Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan şu ýylyň 8-nji maýynda tassyklanyldy.