Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň milli ykdysadyýetiniň gazananlarynyň sergisi geçirildi

13:5614.05.2022
0
8634

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň çäklerinde ýörite sergi guraldy. Forumyň plenar mejlisi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar sergide ýerleşdirilen diwarlyklar bilen tanyşdylar.

Sergide sebit ähmiýetli foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň dostlukly döwletlerine hem-de Russiýa gaýybana syýahata çagyrýan aýry-aýry diwarlyklary, milli gymmatlyklary, şol sanda el işlerini, haly we haly önümlerini, milli lybaslary, amaly-haşam sungatynyň eserlerini, dürli naz-nygmatlary, dokma we neşir önümlerini synladylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň milli lybaslarynyň görkezilişi sergä gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň çäklerinde geçirilen sergiden taýýarlanan fotoreportaž bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň