Serdar Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony kabul etdi

18:3412.05.2022
0
5435
Serdar Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony kabul etdi
Surat: council.gov.ru

«Türkmenportalda» habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Onuň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Russiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentini iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Waldimir Putiniň salamlaryny we Russiýa sapar bilen çagyrylýandygy baradaky çakylygyny ýetirdi.

Federasiýa Geňeşiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Walentina Matwiýenko ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda rus wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň möhüm waka bolandygyny aýtdy. Şeýle-de ol söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi we onuň strategik häsiýete eýedigini nygtady. Bellenilşi ýaly, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda özara söwdanyň dolanyşygy 74 göterim ýokarlandy.

Russiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, rus kompaniýalary türkmen bazarynda işlemäge we tejribesini paýlaşmaga hemişe taýýardyr.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gumanitar ugurda, medeniýet, bilim we ylym ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen ýaşlarynyň köp böleginiň Russiýada okap bilim alýandyklaryny belledi.

Walentina Matwiýenko Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň bu başlangyjynyň örän möhüm ähmiýete eýedigini nygtady: Onuň belleýşi ýaly:

— Merkezi Aziýa — geljegi uly sebit. Bu sebit gündogar bilen günbatary, günorta bilen demirgazygy ulag we energiýa babatda birleşdirýän köpri. Şonuň üçin-de, bu sebitde parlamentarilaryň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi möhümdir. Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine ýokary baha berýäris. Bu dereje Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da artdyrýar, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri soňky 30 ýylda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda üstünlikli ösýändigini aýtdy. Şeýle hem, parlamentara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ähmiýeti barada aýtdy.

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy. Bu ýokary döwlet sylagyny oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy. Şeýle-de şu gün Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllyk ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň