Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly sylaglar bilen sylaglandy

15:3212.05.2022
0
2890
Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly sylaglar bilen sylaglandy
Surat: senatinform.ru

Şu gün Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çäklerinde sylag gowşuryş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa abraýly sylaglaryň birnäçesi berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Hususan-da, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň «Hormatly ýaşulusy» ordeni, şeýle-de «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnalynyň we «Dede Korkut» Milli fondunyň «Uly türk» ordeni hem-de «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» atly milli baýragy bilen sylaglanyldy. Foruma gatnaşmaga gelen Azerbaýjanyň wekiliýetiniň degişli agzalary Gurbanguly Berdimuhamedowa mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Mundan başga-da Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllyk ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň