Aşgabatda parlamentara forumy geçirilýär

12:2212.05.2022
0
1281
Aşgabatda parlamentara forumy geçirilýär
sura: council.gov.ru

Şu gün Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady. Oňa gatnaşyjylar ir bilen Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýdular. Soňra Maslahatlar merkezinde forumyň dabaraly mejlisi açyldy. «Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän çärede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow giriş sözi bilen çykyş etdi. Mejlisde GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkonyň gutlag sözi hem diňlenildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, forumyň gün tertibine laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlyklary hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary çykyş edip, kanun çykaryjy ulgamda toplanan tejribäni paýlaşmak, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynda parlamentara gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly ugurlarda milli we sebit derejesinde alnyp barylýan işler barada jikme-jik durup geçdiler.

Günüň ikinji ýarymynda forumyň işi plenar mejlislerde dowam edip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň