Şu gün Aşgabatda öz işine başlan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko çykyş edip, ol öz çykyşynda bu halkara forumyň Ýewraziýa giňişliginde Parlamentara hyzmatdaşlyga täze sahypa aşjakdygy barada belläp geçdi. Bu barada «Российская газета» habar berýär.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabatda öz işine başlan foruma Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň parlamentleriniň wekilleri gatnaşýar.
«GDA we Ýewraziýa giňişliginde Parlamentara hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açýandygymyzy bellemek gerek. Bu forum Ýewraziýada Parlamentara hyzmatdaşlygy ulgamynda täze möhüm waka öwrüler. Merkezi Aziýa sebitiniň wajyp meseleleri boýunça ýurtlaryň parlamentarileriniň arasynda göni gepleşik geçirmäge mümkinçilik döredýär» diýip, Matwiýenko forumdaky çykyşynda belläp geçdi.
Walentina Matwiýenko forumyň maslahatlarynyň gün tertibiniň dowamynda kanun çykaryjy edaralaryň, saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk, şeýle-de sebitara gatnaşyklar we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk we daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek meselesinde tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleriň döredilendigini belledi.