Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýda edilen işleriň jemi jemlendi

15:0712.05.2022
0
7365

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Nebit-gaz» gazetiniň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Hasabat bilen çykyş edenler döwlet Baştutany tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegini gazanmak, mazudyň, suwuklandyrylan gazyň, polipropileniň we plastmassa turbalarynyň önümçilikleriniň kuwwatlyklaryny artdyrmak, Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary amatly şertlerde maýa goýum serişdeleriniň hasabyna özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmak, tebigy gazy daşary ýurtlara eksport etmekde beýleki halkara taslamalar boýunça işleri güýçlendirmek babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda berjaý etmekligiň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtamak bilen, ýygnananlara ýyly täze zähmet üstünliklerine beslemekde rowaçlyklary arzuw etdi.

Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň