Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky halkara forumlara gatnaşyjylara Ýüzlenme iberdi

09:5112.05.2022
0
11222
Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky halkara forumlara gatnaşyjylara Ýüzlenme iberdi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenilýän günlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we onuň ýokary guramaçylykly hem-de netijeli geçjekdigine ynanýandygyny gutlag hatynyň başynda belläp geçýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Bilelikdäki iri halkara taslamalar, oňyn başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halkara resminamalaryna goşulmagy we şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmegi ilkinji nobatda, ynamly gatnaşyklaryň berkemegine oňyn täsir edýändigini belleýär.

Mundan başga-da, döwlet Baştutany Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine we «Bitarap Türkmenistanyň 2017 - 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýandygyny, şeýle-de daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly durmuşa geçirilýändigini belläp, Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýandygyny, bu işde biziň taýýarlan, halkara gatnaşyklarda «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly täze pelsepämiz işjeň durmuşa geçirilýändigini tekrarlaýar.

Türkmen Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de onda beýan edilýän çagyryşlary parlamentler tarapyndan goldamak işine goşant goşmak maksady bilen, geçen ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan sanly ulgam arkaly «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilendigini hem belläp geçdi.

«Merkezi Aziýa - Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän Parlamentara forum däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgamyna geçmegi hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen, türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleri bilen hem özara gatnaşyklary has işjeň ösdürýär. Şol gatnaşyklar häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýar» diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek üçin degişli işleriň alnyp barylýan günlerinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynda hem-de diplomatiýanyň möhüm ugurlarynda toplan oňyn tejribesini parlamentara meýdançalaryň çäginde ýaýratmaga mümkinçilik berjekdigini, bu syýasy çäre ýurdumyzyň dünýä döwletlerini ylalaşyga we dialoga, ählumumy abadançylyga, ösüşe çagyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň täze taryhy döwürde hem has-da ähmiýetlidigini giňden açyp görkezjekdigini buýsanç bilen belleýär.

«Türkmen halky dost-doganlyga, parahatçylyga hem-de halklaryň agzybirligine uly gadyr goýýar. Gözbaşyny ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň pugta binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, gadymy, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Şu forumyň pikir alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleri we Russiýa Federasiýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigine, biziň ýurtlarymyzyň halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli hem-de köptaraplaýyn ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynanýaryn» diýip, türkmen Lideri belläp geçýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, halklarymyzyň dost-doganlygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň