Futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy: 2-nji tapgyryň netijeleri

22:5511.05.2022
0
5818
Futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy: 2-nji tapgyryň netijeleri
Surat: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýty

Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde 6 utuk toplan «Altyn Asyr» topary ýaryş tertibinde öňdäki orny eýeleýär. Bu barada TFF-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Ikinji tapgyryň çäginde «Ahal II» topary bilen duşuşan «Altyn Asyr» garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryş şu ýylyň 10-njy maýynda badalga aldy.

Futbol boýunça Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji maýda geçirilip, onda «Ahal II» – «Aşgabat» hem-de «Köpetdag» – «Altyn Asyr» toparlary duşuşarlar.

Ýeri gelende bellesek, toparlar ilki iki aýlawdan ybarat bolan duşuşyklarda özara bäsleşerler. Onuň netijesinde ilkinji iki orny eýelän toparlar finalda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Beýleki iki topar bolsa üçünji orun ugrunda geçiriljek oýunda güýç synanyşar.

Futbol boýunça Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 2-nji tapgyrynyň netijeleri:

  • «Aşgabat» – «Köpetdag» – 1:1
  • «Altyn Asyr» – «Ahal-2» – 3:1
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň