Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaş suratkeşler Yspyhanda geçirilen halkara festiwalyň ýeňijileri boldular

21:3711.05.2022
0
4378

Ýaş türkmenistanlylar Merjen Myradowanyň, Oguljeren Guldurdyýewanyň we Selbi Nurýagdyýewanyň işleri Eýranyň Yspyhan şäherinde geçirilen Halkara çagalar surat festiwalynyň (“Isfahan International Children’s Painting Festival”) jeminde iň gowy işler diýlip saýlanyldy. Gyzlar Yspyhanda geçirilen Halkara 14 – 18 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler suratçylyk bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bilen, ilkinji üç baýrakly ýerleriň ählisini eýelediler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar berşi ýaly, Yspyhanda geçirilen Halkara çagalar we ýetginjekler üçin suratçylyk bäsleşiginiň mowzugy “Meniň şäherim – durmuşyň şäheri” boldy. Birinji halkara festiwala Ispaniýadan, Azerbaýjandan, Germaniýadan, Belarusdan, Pakistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Siriýadan, Kanadadan, Nigeriýadan we Hindistandan çagalar gatnaşdy.

Eýranda geçirilen Yspyhan Halkara çagalar surat festiwaly 4 - 6 ýaş, 7 - 9 ýaş, 10 - 13 ýaş we 14 -18 ýaş aralygyndaky dört ýaş toparynda geçirildi, şunda ilkinji üç toparyň ýeňijileri eýranly we ermenistanly suratkeşleriň işleri boldy.

Türkmenistanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Gurbanow 7-nji maýda Yspyhan şäherinde geçirilen Çagalar we ýetginjekler halkara surat festiwalynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň ilçisi Yspyhanda Çagalar we ýetginjekler üçin Halkara surat festiwalynyň geçirilmeginiň Eýran – Türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin täze ädimdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň