Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan Concept» dükany howly üçin niýetlenen mebelleriň bahasyny 50% arzanlatdy

17:1411.05.2022
0
5940

Maý aýynda howly üçin niýetlenen mebel görnüşlerine yglan edilen 50%-lik arzanladyş Aşgabatdaky «Bossan Concept» dükanyna baryp görmäge esas bolup biler.

«Bossan Concept» dükanynyň hünärmeniniň «Turkmenportal» internet portalyna habar bermegine görä, arzanladyş şu ýylyň 31-nji maýyna çenli dowam eder.

Tomus möwsüminiň öňüsyrasynda howly mebellerini satyn almak öýleriň howlusynda özboluşly bezegi hem-de rahatlygy döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Bu babatda «Bossan Concept» dükany ýerlikli, howlyny we öýüň synç alyş ýerlerini döwrebap bezemekde häzirki zaman ýörelgelere eýerýän funksional mebel toplumlaryny hödürleýär. Bu mebel görnüşlerine stollar, oturgyçlar, kreslolar, diwanlar we howly sallançaklary degişlidir.

Belläp geçsek, Aşgabatda diňe «Bossan Concept» dükanyndan tika we iroko ýaly tebigy çig maldan ýasalan mebelleri tapmak bolýar.

Habarlaşmak üçin:

  • Sosial media hasaby;
  • Telefon belgileri: 415554, 721122, 726060;
  • Dükanlaryň salgylary: Aşgbat., Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýy, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr), «Aşgabat» söwda merkezi, ikinji gatyň A-201 dükany.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň