Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýada dünýädäki iň uzyn papaýýa agajy ösýär

16:5411.05.2022
0
4143
Braziliýada dünýädäki iň uzyn papaýýa agajy ösýär
Surat: guinnessworldrecords.com.br

Braziliýaly Tarsisio Folsuň fermasyndan dünýäniň iň uzyn papaýýa agajy tapyldy. Fermanyň eýesi bu agajyň boýunyň adatdakydan has uzyndygyny ýüze çykardy.

Indi Parana ştatynyň Nowa-Awrora şäherinde ösýän bu ösümlik Ginnesiň Rekordlar kitabynda iň uzyn papaýýa agajy diýlip bellenilýär. Rekord derejedäki agajyň boýy 14,55 metre deňdir. Netijede, Braziliýada ösýän paýaýýa ozal Hindistanda ösýän, boýy 14,08 metr bolan şu hili agaçdan hem beýik diýlip hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň