2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejelerinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.
Şulardan ugur alnyp, milli sportuň hem-de Halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, dünýäde ýurduň sport abraýyny belende galdyrmaga goşan saldamly goşandyny nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy.
Şeýle hem mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk meselelerine seredildi.
Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem-de XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça Guramaçylyk toparynyň döredilendigi we onuň düzüminiň tassyklanyldy. Häzir türkmen türgenleri Olimpiýa şäherçesiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport desgalarynda okuw-türgenleşik işlerini geçýärler. Türkmenistanyň türgenlerini beýleki iri ýaryşlara taýýarlamak işleri hem dowam edýär.