Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Baky polkuň» ýörişi geçirildi

12:1309.05.2022
0
36451

Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary «Baky polkuň» ýörişine gatnaşdylar. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan watançylyk çäresi A.S.Puşkiniň adyny göterýän mekdebiň çäginde geçirildi.

Çagalar ýörişe Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan atalarynyň, eneleriniň suratlaryny göterip gatnaşdylar. Bu ýörişe ulular hem goşuldy.

Russiýanyň ilçihanasynyň geňeşçi-wekili Konstantin Şlykow pederlerimiziň gazanan beýik ýeňşine goýulýan hormat russiýalylary we türkmenistanlylary birleşdirýär.

Türkmenistan ozalky SSSR-iň beýleki Respublikalary bilen birlikde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşe uly goşant goşdy. 1941 ― 1945-nji ýyllarda bolan urşa 300 müňden gowrak türkmenistanly esger gatnaşdy. Olaryň 70 müňden gowragy dürli derejeli orden-medallaryň, 104-si bolsa «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly adyň eýeleridir. 15 ildeşimize bolsa «Şöhrat» ordeni gowşuryldy.

Tylda galan watandaşlarymyz Goranmak gaznasyna 170 million rubl möçberinde nagt pul we 7,5 tonna alltyn-kümüş şaý-seplerini bagyşladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň