Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmagy tabşyrdy

22:0506.05.2022
0
10781
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmagy tabşyrdy

Prezdent Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen şu günki mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda toplumynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada berene hasabatyny diňläp, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak we öz öndürip biljek önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak boýunça işler güýçlendirilmegi aýtdy.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak barada berlen tabşyryklara garamazdan, şu ýylyň geçen dört aýynda azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilýän möçberiniň artandygyny belledi. Şolaryň hatarynda ýurtda öndürip boljak ýeralma, sogan, sarymsak, miweler, un, ýag we beýleki azyk önümleri, käbir senagat harytlary bardygyny aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow: «Ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak we öz öndürip biljek önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak boýunça işler güýçlendirilmelidir» diýip, belledi we bu ugurdaky işleri has-da güýçlendirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň