Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda geçiriljek 2022-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň möhleti yza süýşürildi

20:0006.05.2022
0
7104

2022-nji ýylda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen XIX Aziýa oýunlarynyň möhleti yza süýşürildi. Bu barada Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ýaryşlaryň geçiriljek seneleri ýakyn geljekde kesgitlener.

Aslynda, nobatdaky tomusky Aziýa oýunlary Hytaýda 10 — 25-nji sentýabr aralygynda geçirilmelidi. Ýaryşlaryň geçjek ýeri bolan Hançžou Pekin (1990 ý.) we Guançžou (2010 ý.) şäherlerinden soň, bu ýaryşlary kabul edýän üçünji hytaý şäheri bolar.

Aziýa oýunlary 1951-nji ýyldan bäri geçirilip gelýär. 2022-nji ýylda bu oýunlarda ýer eýesiniň haýsy şäher boljakdygy 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji sessiýasynyň mejlisinde mälim edilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň