Arhiw

TSSE «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi

20:0706.05.2022
0
4132
TSSE «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi

«Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşige täze usullaryň we çemeleşmeleriň gözlegindäki ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriniň, talyplarnyň we raýatlarynyň ählisi gatnaşyp bilerler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek we ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenişini artdyrmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşige gatnaşyjylar döredijilikli pikirlenip, Türkmenistanyň önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda giňden tanalmagyny ýokarlandyrjak grafiki belgini (nyşan, simwol) tabşyrmalydyrlar. Her bir logotip jpeg, png, giff formatlarynda, ululygy 1000x1000px bolmalydyr.

Mundan başga-da, onuň ýanyna dünýä ýurtlarynyň maýa goýujylarynyň we sarp edijileriniň ünsüni çekiji gysga şygary goşmalydyrlar. Her kimde uly gyzyklanma döretjek bu şygary okamak aňsat bolup, onuň türkmen, rus we iňlis dillerinde terjime edilende akgynly we düşnükli bolmagy hökmandyr.

Doly maglumat üçin: Tel.: +99312 398890, 398891.

E-poçta: ccitm.int@gmail.com

Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat, Çandybil şaýoly, 143.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň