Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýol hereketinde goýberilýän kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrdy

23:1105.05.2022
0
15824

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu günki geçirilen mejlisiniň dowamynda içer işler ministri Muhammet Hydyrow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, düzgün bozmalaryň öňüni almak, Aşgabatda hem-de welaýatlarda ýol-ulag hereketini kadalaşdyrmak, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany içeri işler ministri M.Hydyrowyň hasabatyny diňläp, içeri işler edaralarynda ýol berilýän birnäçe kemçilikleriň üstünde durlup geçilendigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde ýol berilýän kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça ministre gysga wagtyň içinde ähli zerur işleri geçirmek tabşyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Adalat ministrine ýol hereketiniň howpsuzlygyny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna hukuk taýdan seredip, teklipleri bermegi dowam etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň