Aşgabatdaky «Kiberone» okuwçylary programmirleme we IT-tehnologiýalar boýunça okuwlara kabul edýär

18:1805.05.2022
0
16721

Aşgabatdaky «Kiberone» Halkara kiber-mekdebi 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryny programmirleme we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça okuwlara kabul etmegini dowam edýär.

Bu okuw sapaklarynda saýtlary we ykjam goşundylary işläp taýýarlamak, kompýuter oýunlaryny işläp düzmek, web dizaýn bilen işlemek, CEO we SMM işleri öwredilýär. Şeýle-de bu ýerde multiplikasiýanyň esaslaryny, maglumatlaryň analizi we emeli aň bilen işlemegiň tehnologiýasyny öwrenmek bolýar.

Okuw maksatnamasy modullary yzygiderli öwrenmek ýörelgesine esaslanýar. Her ýaş aýratynlyklary boýunça özbaşdak okuw maksatnamasy işlenip düzülendir. Çagalar bu ýerdäki temalary oýun görnüşinde öwrenýärler. Aýratyn-da, amaly ýumuşlara uly ähmiýet berilýär.

Kiber-mekdepde okuwlaryň geçirilişiniň has täsirlidigine göz ýetirmek üçin «Kiberone» mekdebi sapaga tölegsiz gatnaşmak mümkinçiligini hödürleýär (55 minut).

Bellesek, «Kiberone» halkara kiber-mekdebi çagalara we ýetginjeklere IT-tehnologiýalary öwretmek üçin döredilen ilkinji Halkara mekdep bolup, «Microsoft» korporasiýasy tarapyndan hünär derejesi ýokarlandyrylan we BMG hem-de ÝUNESKO tarapyndan sanly tehnologiýalar çygrynda çagalar üçin niýetlenen iň bir gowy taslamalaryň biri diýlip ykrar edilen okuwdyr.

Habarlaşmak üçin:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň