Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Kazansummit 2022» sammitine gatnaşar

14:5505.05.2022
0
8333
Türkmenistan «Kazansummit 2022» sammitine gatnaşar
Surat: kazansummit.ru

Türkmenistanly wekiller 19 — 22-nji maý aralygynda Tatarystanyň paýtagtynda geçiriljek «Россия - Исламский мир: KazanSummit 2022» XIII Halkara ykdysady sammitine gatnaşar.

Türkmenistan geçen ýyl hem dünýäniň 64 döwletinden bolan wekiliýet bilen bir hatarda bu giň göwrümli maslahata gatnaşypdy.

Adatça, sammit Russiýanyň sebitleri we yslam döwletleri üçin ykdysady gatnaşyklar babatda täsirli meýdança bolup hyzmat edýär. Onuň çäginde özara hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki taslamalaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, ykdysady mümkinçiliklere hem-de maýa goýum şertlerine degişli tanyşdyryşlar guralýar.

Golaýda geçiriljek bu sammitiň esasy mowzugy özara ykdysady sarp ediş we halalyň ählumumy peýdasy bolup, esasy ugurlar bolsa yslam maliýesi we hyzmatdaşlykly bank işi, diplomatiýa, IT-senagat, telekeçilik we maýa goýum pudaklary bilen baglanyşyklydyr.

Forumyň çäklerinde «Russia Halal Expo 2022» sergisi, her ýylda geçirilýän Maşyngurluşyk forumy, Bütindünýä halal güni we Wolžsk Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çäre guralar.

«Modest Fashion» moda festiwaly hem iki tematik sessiýada bolup, onda rus we daşary ýurtly bilermenler döwrebap modanyň hem-de zehinli dizaýnerleri goldamagyň häzirki zaman mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar.

Şu tomusda Tatarystanda Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygy giň gerimde bellenilip geçiler. Şunuň bilen baglylykda hem, Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow şu ýylyň aprelinde Türkmenistana bolan iş saparynda türkmen tarapyny bu baýramçylyga gatnaşmaga çagyrdy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň