Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda Döwletgeldi Akyýewiň 50 ýaş ýubileýi mynasybetli şahsy sergisi açyldy

14:1305.05.2022
0
1610

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ussat grafikaçy suratkeş Döwletgeldi Akyýewiň 50 ýaş ýubileýi mynasybetli şahsy sergisi açyldy.

«Hakydanyň heňi» ady bilen açylan sergide halypa grafikaçy suratkeşiň kitap bezeglerine niýetlenen işleriň, şol sanda taryhy we filosofiki eserleriniň onlarçasy görkezildi.

Şu günki türkmeniň milli şekillendiriş sungaty barada söz açylanda, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Döwletgeldi Akyýewiň eserleri göz öňüňe gelýär. Grafikaçynyň inçeden mazmunly eserlerinde durmuşyň köptaraply aýratynlyklary öz çeper beýanyny tapýar. Gara-ak reňkleriň baglanyşygyndan döreýän täsin grafika işleri köpleriň ünsüni özüne çekip, ynsan duýgularyny, keşpleri, nagyşlary we beýleki şekilleri ideýalarda baglanyşdyrýar.

1972-nji ýylyň 22-nji aprelinde Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda doglan Döwletgeldi Akyýew 1988 — 1992-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde bilip alyp, 1994-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna okuw girýär. Bu ýokary okuw mekdebi tamamlandan soňra zähmet ýoluna başlaýar. Ol 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky ýeke-täk çagalar neşiri bolan «Güneş» žurnalynda zähmet çekip gelýär. Şonuň bilen birlikde hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda grafika boýunça ýaşlara hem bilim berip gelýär. Halypa şu günki güne çenli ýaş zehinleriň onlarçasyna halypalyk etdi. Onuň öz perzentleri hem kakasynyň kesbini dowam etdirmäge ymtylýarlar.

Halypa suratkeşiň «Asman atlary» eserler toplumy, şeýle-de «Dünýäniň sallançagy», «Mukaddeslik», «Durmuş pelsepesi» ýaly çeperçiligi bilen tapawutlanyp, her bir tomaşaçyny özüne maýyl etmegi başarýar. Onuň bezän kitaplarynyň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Görogly» şadessany, Jumageldi Mülkiýewiň «Seljuklar» romany, Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romany, Öwez Gündogdyýewiň «Aziýanyň gerçekleri», Seýitmyrat Öwezbaýewiň «Gönübek», «Halallyk kyssalary», «Beýik Seljukly», Gözel Şagulyýewanyň «Ak gülleriň — ak ýolum», Ç.Aýtmatowyň türkmen diline terjime edilen «Ak gämi» eserler ýygyndysy ýaly kitaplar bar. Şeýle-de türkmen halk ertekilerinden «Aldanan möjek», «Kör garga», «Ýüz tylla» ýaly körpe okyjylar üçin niýetlenen kitaplar hem bar. Bu eserleriň mazmun-şekil baglanyşygy esere has çuň düşünmäge ýardam edýär.

Şekillendiriş sungatynda uzak ýyllaryň tejribesi bolan suratkeş birnäçe sylaglara mynasyp görüldi. 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, üç gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna, nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna atly ýubileý medallarynyň eýesi bolmak suratkeşi eýýäm özboluşly sungat ýoluny döreden ussat hökmünde tanymal edýär.

Çekýän suratlaryny öwrenmek, onuň manysyna ilki has içgin düşünmek Döwletgeldi Akyýewiň döredijiliginde diňe kitap bezeginde däl, ol suratkeşiň häzirki wagtda zähmet çekýän «Güneş» çagalar žurnalynyň işinde hem şeýle. Bu babatda oňa köp ýyllap bile işleşen kärdeşi Dörtguly Myratgulyýew has gowy baha berýär: «Çagalaryň dünýäsine aralaşmak adaty durmuşyň özboluşly tarapy. Çagalara degişli suratlary çekmäge çaga hökmünde çemeleşmeli bolýar. Döwletgeldi islendik çekýän şu hili suratlaryny ertekili, rowaýatly kitaplary okap öwrenýär. Daşary ýurtlar bilen bagly materiallarda, mysal üçin, «Diller dostluk köprüsi», «Dostluk daragty» ýaly temalardaky beýleki halklaryň şekillendirişine kybap getirip çekmeli suratlaryna-da has dogry, anyk düşünýär. Köpleriň tapawutlandyryp bilmeýän haýwanlarynyň şekilini döretmekde hem olary häsiýetlerine çenli tanamagy başarýar» — diýip, belläp geçýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Döwletgeldi Akyýewiň 50 ýaş ýubileýi mynasybetli Aşgabatda açylan sergi birnäçe gün dowam eder. Paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary iş wagty sergi merkezine gelip, ussat grafikaçynyň dürli ýyllarda döreden işleri bilen tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň