Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda iňlis dili hepdeligi geçirildi

18:1904.05.2022
0
12195

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde «Research and know English» atly iňlis dili festiwaly geçirildi. Bu barada jeyhun.news web saýtynda habar berilýär.

Festiwala şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 12-sinden 11-nji synp okuwçylardan döredilen toparlar gatnaşdylar.

Iki tapgyrda geçirilen festiwalyň birinji tapgyrynda toparlar bellenilen wagtda özi barada gürrüň bermekde we prezentasiýa bilen çykyş etmekde ýaryşdylar. Ikinji tapgyrda berlen sözlerden hekaýa düzüp, ony sahnalaşdyrmak, türkmen edebiýatyndan iň gowy görýän bir eserini teswirlemek, iňlis dilinde berlen goşgyny türkmen diline terjime etmek we onuň bilen tanyşdyrmak, terjime eden goşgusyny aýdym edip aýdyp bermek boýunça ýaryşdylar.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, iň köp utuk toplan 41-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji orna mynasyp boldular. Baýrakly ikinji orna 21-nji orta mekdebiň okuwçylary, üçünji orna bolsa 2-nji orta mekdebiň okuwçylary mynasyp bolmagy başardylar.

Iňlis dili festiwaly Lebap welaýaty Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň