Soňky habarlar

Arhiw

Uly Balkan daglary goralýan ýerleriň milli ulgamyna giriziler

16:2804.05.2022
0
12130

Uly Balkan daglarynyň dag giňişlikleri ýakyn wagtda Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerleriniň milli ulgamyna giriziler.

Bu barada biologiýa ylymlarynyň kandidaty Galina Kamahina «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda habar berdi. Alymyň ýazmagyna görä, bu daglar täzelenen Milli Tokaý maksatnamasynyň çäklerinde gorag astyna alnar.

Uly Balkan daglarynyň giňişliklerine «dag adasy» diýilýär. Onuň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, onuň daş-töwereginiň çöl ― çägeli, toýun we şor bilen gurşalyp alynmagydyr. Alymyň bellemegine görä, bu ýerleriň biodürlüligi özboluşlydyr we ol gorap saklamagy talap edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň