Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýylyň mugallymy we terbiýeçisi kesgitlenildi

15:0302.05.2022
0
24841

Ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan eden «Ýylyň mugallymy — 2022» bäsleşiginiň döwlet tapgyry jemlendi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlaryň altysy gatnaşdy.

Iki gün dowam eden bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan mugallymlar özlerine nätanyş synplarda hünär ugurlary boýunça görelde sapagyny, şeýle-de synp sagadyny geçdiler. Dürli temalar boýunça guralan sapaklar biri-birinden täsirli bolup, mugallymlaryň bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Okuwçylar synp sagatlarynda tema degişli goşgulardyr aýdymlardan bölekleri, nakyllary aýdyp berdiler.

Netijede, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Gülnar Amanowa «Ýylyň mugallymy — 2022» bäsleşiginiň baş baýragyna — Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatyna we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgadyna mynasyp boldy.

Şeýle hem Paýtagtymyzdaky 169-njy çagalar bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň çagalar baglarynda zähmet çekýän terbiýeçileriň arasynda geçirilen «Ýylyň terbiýeçisi — 2022» atly bäsleşigiň hem jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa terbiýeçileriň altysy gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşan terbiýeçiler öz iş usullary, dürli temalarda geçiren terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri, öwreniş usulynda taýýarlan okuw-görkezme esbaplary barada çykyş etdiler, şeýle-de eminleriň sowallaryna jogap berdiler.

Terbiýeçiler eminleri guran görelde sapaklarynyň ikisiniň ýazgysy, sapakda ulanýan okuw-görkezme esbaplarynyň görnüşleri, geçiren terbiýeçilik çäresiniň elektron ýazgysy bilen tanyşdyrdylar. Olar öz ugurlary boýunça okuw kitaplaryna, gollanmalara, iş depderlerine, okuw maksatnamasyna ýazan synlaryny, tekliplerini, usuly gollanmalaryny, metbugatda, teleýaýlymlarda, usuly-amaly, ylmy maslahatlarda eden çykyşlarynyň nusgalaryny, körpelere berýän bilim-terbiýesiniň, endikleriniň netijeliligini subut edýän ýazgylary, tassyknamalary eminler toparynyň garamagyna hödürlediler.

Eminler terbiýeçileriň sapak guraýyşlaryna, çagalar bilen mylaýym gatnaşyklaryna, syýasy we usuly taýýarlyklaryna, bäsleşigi geçirmegiň Düzgünnamasynyň talaplaryna laýyklykda baha berdiler. Şeýlelikde, bäsleşigiň baş baýragyna — «Ýylyň terbiýeçisi — 2022» adyna Aşgabat şäherindäki 14-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Maral Çogdarowa mynasyp boldy. Oňa bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatydyr ýörite sowgat gowşuryldy.

Bular barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň