Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer M.Muhammedow döwlet Baştutanyna halkara maliýe guramalary we banklar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna amatly şertlerde maýa goýumlary we karzlary çekmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Yslam Ösüş bankyndan onuň umumy maýasynyň artmagyna Türkmenistanyň gatnaşmagy baradaky gelip gowşan teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda abraýly maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.
Yslam Ösüş banky ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu bank bilen dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Onuň umumy maýasyny artdyrmak işine gatnaşmak Türkmenistanda, hususan-da, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmek babatda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.