Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň internet saýty dörediler

23:2929.04.2022
0
6590

29-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işi hakynda döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň dünýäde giňden wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri güýçlendirmek üçin toparyň internet saýtyny döretmek teklip edilýär. Saýt arkaly ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýetilen sepgitleri we onuň geljegi barada maglumatlary hemişelik esasda beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Milli toparyň guramaçylyk işinde onuň Sekretariatyna möhüm orun berilýär. Onuň degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işini düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär. Halkara tejribä hem-de ÝUNESKO-nyň degişli wekilligi tarapyndan kabul edilen Kararnamanyň talaplaryna laýyklykda, toparyň milli nyşanynyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ÝUNESKO bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, halkyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda yzygiderli çäreleri görmek, halkymyzyň özboluşly gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministrine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine degişli anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň