Arhiw

Türkmenistanda 2-nji maýda Oraza baýramy belleniler

21:3129.04.2022
0
13308

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisiniň dowamynda Oraza baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2022-nji ýylyň 2-nji maýynda belleniler. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegi eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň