Top.Mail.Ru

«Daýhanbank» DTB «Meleguş» atly nagt pul geçirim hyzmatyny hödürleýär

12:4429.04.2022
0
81467

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öz müşderilerine hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmak we olaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Meleguş» atly nagt pul geçirim hyzmatyny hödürleýär.

Bu hyzmatyň üsti bilen müşderiler nagt görnüşdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň çägindäki bir hyzmat edýän nokatdan beýleki hyzmat edilýän nokada aňsatlyk bilen ygtybarly usulda ugradyp bilerler.

Milli pulda nagt pul serişdelerini geçirmek üçin müşderi «Daýhanbank» DTB-niň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna öz pasporty, pul serişdesini alyjy baradaky maglumat we nagt pul serişdeleri bilen barmalydyr. Bankyň hünärmenleri ähli zerur bolan resminamalar taýýarlanandan soňra geçirimi dessine amala aşyrýarlar.

Eger-de pul serişdesini alyjy 7 iş gününiň dowamynda banka ýüz tutmasa, pul serişdeleri yzyna gaýtarylýar we bu barada pul serişdesini ugradyja habar berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Aşgabat şäheri 38-03-59; 24-49-24; 38-01-44;
  • Ahal welaýaty 8-00137-34-4-73;
  • Balkan welaýaty 8-00246-5-27-92;
  • Daşoguz welaýaty 8-00322-9-38-81;
  • Lebap welaýaty 8-00422-9-08-39;
  • Mary welaýaty 8-00522-6-74-67.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň