Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň häkimligi döredildi

21:4628.04.2022
0
8817

Ahal welaýatyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimligi döredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň gurluşynyň taslamasyny, häkimligiň işgär sanynyň möçberi baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň Aşgabat şäheriniň 10 kilometr gündogarynda ýerleşýän Änew şäheridigini bellemek gerek. Ýurduň bahasy 1,5 milliard amerikan dollary bolan «akylly şäheriniň» gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatarda gurulýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, iki tapgyrda gurulýan Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň birinji tapgyry 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, ýagny Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp açylyp ulanylmaga berler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň