Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

10:5511.04.2019
0
25953

Düýn - 10-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler.

Döwlet Baştutanynyň welaýatyň häzirki zaman dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak mynasybetli dabarada eden çykyşynda hem nygtaýşy ýaly, bu şäher geljekde ýurdumyzyň ýene-de bir ykdysady, işewürlik, maýa goýum merkezine öwrüler. Türkmenistanyň Prezidenti düýbi tutulýan şäheriň 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenendigini belledi. Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalaryň sagdyn ösüp ulalmaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze welaýat merkezinde her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdebiň guruljakdygyny, başlangyç we orta hünär mekdebiniň, şeýle hem iki sany sungat mekdebiniň bina ediljekdigini belledi.

Saglyk edaralarynyň hem giň ulgamy dörediler. Iki sany Saglyk öýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, beýleki hassahanalar bina ediler. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirkiň binasy we muzeý gurlar. Häzirki zaman sport toplumynyň ikisi bina ediler. Raýatlaryň dynç almagy üçin bagy-bossanly seýilgäh dörediler. Söwda we dynç alyş merkezi ilata hyzmat eder.

Bulardan başga-da, aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Ylmy-önümçilik merkezini gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu desgalar Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde, bitewi ulgamy emele getirer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem dörediler. Bu edaralar täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Dolandyryş merkeziniň ähli binalary düýbünden täzeden gurulýar. Täze desgalaryň gurluşygy üçin ýerleri boşatmak zerurlygy bolmaýar. Binalar we desgalar düýpli ýykylyp aýrylmaýar. Bu bolsa örän möhümdir. Umuman, boş ýatan meýdanyň keşbi düýpli özgerer.

Bu ýerde ýaşajak ilat üçin iň gowy şertler, iş orunlary, iň häzirki zaman durmuş gurşawy dörediler. Bu bolsa, diňe bir bu ýere köp sanly ýaşaýjylary çekmän, eýsem, welaýatyň ykdysadyýetini düýpli özgerder. Onuň ähli pudaklarynyň ösüşine täze itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milletiň Lideriniň çykyşy tamamlanansoň, milli lybasdaky oglan we gyz döwlet Baştutanymyzdan şu günki taryhy waka mynasybetli geljek nesillere ýadygärlik ýazga gol goýup bermegini haýyş etdiler. Soňra geljek nesillere niýetlenen ýazgy ýörite guta salyndy.

Hormatly Prezidentimiz täze şäheriň düýbüniň tutuljak ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalar astynda geljekki nesillere niýetlenen gutyny binýada oklady.

Bu ýerde täze şäheriň düýbüniň tutulýan binýady Oguz hanyň sekizburçluk ýyldyzynyň şekilinde döredilipdir. Munuň özi asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň paýhasly pederleriniň asylly ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçirilip gelnendiginiň subutnamasydyr. Häzirki döwürde bu ýörelgäni mynasyp dowam etdirjek nesillerimize niýetlenen ýadygärlik ýazgyly guty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan täze şäheriň binýadyna atyldy.

Täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyndan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe metjidine bardy. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan türkmen topragyna parahatçylyk, asudalyk, halkyň agzybirligini, saglygyny, döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmagyny arzuw edip, aýat-töwir okady.

Aýat-töwirden soňra milli Liderimiz bu ýerde berlen sadaka gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň