Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew dolandyryjy partiýanyň baştutany wezipesini tabşyrýar

14:0227.04.2022
0
7190

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň dolandyryjy “Amanat” partiýasynyň başlygy wezipesini terk etjekdigini yglan etdi. Ol öz ornuna Mejlisiň aşaky palatasynyň spikeri Ýerlan Koşanowy hödürledi diýip, MIR24 ýazýar.

Öň gazak lideri Respublikanyň prezidentini ygtyýarlylyklary döwründe syýasy partiýalardaky agzalygyny kanunçylyk taýdan gadagan etmek barada başlangyç bilen çykyş edipdi.

Tokaýew bu ädimiň simwoliki manysynyň bardygyny nygtady. Ol şeýle-de partiýanyň agzalaryna geçen Prezident saýlawlaryndaky ynamy we goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öň Tokaýewiň teklibi boýunça Gazagystanda Konstitusiýany üýtgetmeklige girişilendigi habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň