Soňky habarlar

Arhiw

«Home Concept» dükanyna bezeg küýzeleriniň täze tapgyry geldi

13:5924.04.2022
0
4790

«Home Concept» dükanlaryna gelip gowşan berk aýnadan ýasalan 42 dürli görnüşli bezeg küýzeleri islendik interýere ajaýyp gelşik berýär.

Hatda dizaýn bezeglerine has oňat düşünýän adam hem bu ýerden her dürli öý interýerine gözellik berip biljek küýzäni tapyp biler.

Adaty, ýöne örän jaýdar görünýän aýna küýzeleri uzak taryhdaky Wenesiýa, aýnadan ajaýyp küýzeleri döretmek bilen atlaryny dünýä äşgär eden küýzegäleriň eýýamyna alyp gidýär. Muran aýnlaryny ýada salýan bu önümler hemişelik nusgawy küýzeler hökmünde durnuklylygy we asudalygy alamatlandyrýar.

«Home Concept» dükanynda müşderilere ýetirilýän küýzeler özünde ähli döwrebap interýeriň gözelligine laýyklygy jemleýär: olarda çyralaryň täsin ýaldyraýşyny, ýarym öwüşginli kölegäni, şapak ýalkymynyň öwşün atmagyny görmek bolýar. Bu hili küýzeler gysga giňişligi bolan otag üçin has gelşikli bolup, adamlaryň ünsüni özüne çeker.

Giňiş ýerlere bolsa ýerlikli saýlanan küýze toplumlary gowy gelişýär.

«Home Concept» dükanynyň hünärmenleri size hemişe «öz» küýzäňizi saýlap almaga ýardam eder.

Habarlaşmak üçin:

  • Sosial media hasaby;
  • Telefon belgileri: 415554, 726060;
  • Salgysy: Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr); «Aşgabat» söwda merkezi, 2-nji gat A-201 dükany.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň