Türkmenistanda 2022-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi mälim edildi

12:1523.04.2022
0
16472
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi mälim edildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün — 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda guralan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi we ýeňijä mynasyp bolan baýragy gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikde deslapky tapgyrlarda ahalteke tohum atlarynyň arasyndan iň oňat wekilleriniň saýlanyp alnan 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylyp, olaryň her biri eminleriň öňünden iki gezek geçirildi. Bedewler birinji gezekde bezegsiz, ikinji gezekde bolsa bezelen şaý-sepli görnüşinde emin agzalarynyň öňünden geçdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, 2022-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, 2015-nji ýylda doglan Melebaş atly bedew yglan edildi. Ol meşhur Gyrsakaryň ugruna degişlidir. «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy bolan «Lexus» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň