Türkmenistandan Russiýa uçjak daşary ýurtlular indi ozalkysy ýaly köp garaşmaly bolmaz

10:3721.04.2022
0
26347

Daşary ýurt raýatlary Türkmenistandan Russiýa amala aşyrylýan ýörite uçuşlara indi ozalkysy ýaly köp garaşmaly bolmaz. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi «Telegramdaky» resmi kanalynda habar berdi.

Munuň sebäbi hökmünde ýörite uçuşlar üçin gelip gowuşýan ýüztutmalaryň sanynyň azalmagy görkezilýär. Şeýlelikde, daşary ýurt raýatlarynyň uçuş üçin garaşýan wagty 2,5 ― 3 aýa çenli azaldy.

Russiýanyň öz raýatlarynyň nobata garaşýan wagty bolsa ozalkylygyna galýar. Bu wagt 1,5 aýdan 2 aýa çenlidir.

Şeýle hem ilçihana diplomatlardan uçuşa taýýarlananda görkezilen senelere üns bermegi we içerki şahsy meselelerini öňünden çözmegi haýyş edýär.

«Türkmenistan» we «Sibir» awikompaniýalary arkaly ilçihana her aý 2-3 sany ýörite uçuşy guraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň